Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 1:5 - Mukaddes Kitap

5 «Milletlere serediň! Haýran galyň! Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde, gulagyňyza ynanmarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 «Миллетлере середиң! Хайран галың! Сизиң гүнлериңизде этҗек ишими эшидениңизде, гулагыңыза ынанмарсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 1:5
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».


Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.


Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi.


Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.


«Ýer ýüzünden bar zady bütinleý syryp-süpürjek. Ynsanu-haýwany, gökdäki guşlary, deňizdäki balyklary süpürip taşlajak. Pisleri büdretjek, ynsany ýer ýüzünden ýok etjek». Muny Reb aýdýandyr.


Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ