Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, adalata ýol ýok. Erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, şeýdibem, hakykat ýoýulýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шонуң үчин кануның гүйҗи ёк, адалата ёл ёк. Эрбетлер догручыллардан үстүн чыкярлар, шейдибем, хакыкат ёюляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 1:4
46 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Näme üçin pisler ýaşaýarlar, gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar?


Olar biri-birine ýalan sözleýär; ýaranjaň dilleri ikigepli gürleýär.


Sen ýeri sarsdyrdyň, ony jaýyrdyň, ýaryklaryny bejer, titreýändir ol.


Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.


Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme.


Ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýänleriň, zulmaty nur, nury zulmat saýýanlaryň, aja süýji, süýjä ajy diýýänleriň dat gününe!


Öňüňde ýazyklarymyz köpdür, günälerimiz özümize garşy şaýatlyk edýär, ýazyklarymyz ýanymyzdadyr, etmişlerimizi biz bilýäris.


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň, öz maşgalaň-da haýynlyk etdi. Ýeňsäňden seslerine bat berdiler. Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da, ynanmaweri sen olara.


Ýermeýa Rebbiň ähli halka aýt diýip, özüne buýran zatlarynyň baryny aýdyp bolanynda, ruhanylar, pygamberler we ähli halk ony tutup: «Sen hökman ölersiň!


Hatda leglek hem öz möwsümini bilýär. Gumry, garlawaç, durna-da göçmeli pursadyny bilýär. Emma halkym Men-Rebbiň parzlaryny bilmeýär.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Boş gepleýärler, ýalan kasam bilen äht edişýärler. Şoňa görä-de «adalatly» işleri zäherli ot ýaly, sürlen meýdanda birden peýda bolýar.


Çünki Men etmişiňiziň köpdügini, günäleriňiziň çökderdigini bilýärin. Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz, kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz.


Adalaty ajylyga öwrenler! Dogruçyllygy ýere çalanlar!


Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz!


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


Stefan öz üstüne ýagýan daşlaryň astynda Hudaýa doga edip: «Ýa Rebbim Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi.


Onda näme? Iman arkaly Musanyň Kanunyny ýatyrýarysmy? Ýok! Tersine, biz ony berkarar edýäris.


Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ