Habakuk 1:16 - Mukaddes Kitap16 Olar hudaýlary hökmünde toruna gurbanlyk berýärler, toruň hatyrasyna ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, çünki tory olary lezzetli durmuş, bol saçak bilen üpjün edýär. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап16 Олар худайлары хөкмүнде торуна гурбанлык берйәрлер, торуң хатырасына якымлы ыслы түтетги якярлар, чүнки торы олары леззетли дурмуш, бол сачак билен үпҗүн эдйәр. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik.
Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.