Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 1:15 - Mukaddes Kitap

15 Duşmanlar olary çeňňek bilen tutýarlar, torlary bilen awlaýarlar, giň torda gyra çekip çykarýarlar. Muňa şatlanyp, heşelle kakýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Душманлар олары чеңңек билен тутярлар, торлары билен авлаярлар, гиң торда гыра чекип чыкарярлар. Муңа шатланып, хешелле какярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 1:15
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Balykçylar ýas tutarlar, Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar, suwa tor atýanlaryň susty basylar.


Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar.


«Meniň halkymyň arasynda erbet adamlar bar. Olar guş awlamak üçin, bukuda ýatýanlar ýaly duzak gurup, ynsanlary tutýarlar.


Eý, mirasymy talaýan babyllylar, siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz, otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz, aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz.


«Eý, ynsan ogly! Sur galasy Iýerusalim hakda: „Baý-baý-ow, halklaryň gapysy bolan şäher ýykyldy, derwezeleri meniň üçin açyldy. Ol weýran boldy, indi men baýlykdan dolaryn“ diýdi».


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


Hökmürowan Reb Öz mukaddesliginden ant içdi: «Siziň çeňňekler bilen, iň soňkyňyzyň hem balyk garbaklary bilen tutuljak günüňiz hökman ýetip geler.


Sen ynsanlary deňizdäki balyklar ýaly, serdarlary bolmadyk süýrenijiler ýaly etdiň.


Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.


kim Hudaýyň Şalygy hakyndaky sözi eşidip, oňa düşünmese, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň gyrasynda ekilen budur.


Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.


Ýer ýüzüniň ilaty olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Sebäbi bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem edipdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ