Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Пислиги гөрерден пәкдир гөзлериң, яманлыга середип билйән дәлсиң Сен. Хилегәрлере ненең җеза бермән чыдаяң, эрбетлер өзлеринден догрыны ювудярка, Сен нәмә дымяң?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 1:13
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Heý, onsoň siz – zalymlar bir bigünäni öz öýünde, öz düşeginde öldürersiňiz-de, sizi ýer ýüzünden ýok edip, onuň hununy sizden almarynmy?» diýdi.


Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Çünki sen şunuň ýaly pursatda ümsüm otursaň, onda ýahudylar başga ýerden ýardam tapyp, halas bolarlar, ýöne sen we seniň kakaň maşgalasy heläk bolar. Belki, sen şunuň ýaly pursatlar üçin şa aýaly bolansyň!»


Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl.


Näme üçin pisler ýaşaýarlar, gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar?


Hudaý olara howpsuzlyk berýär, olar Oňa daýanýarlar, Onuň gözi olaryň ýollaryndadyr.


Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda, gezdim men Seniň sadyklygyňda.


Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna; Öz merhemetiňiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.


Müdimi harabalyklara howluk-da, sal Sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Şulara garamazdan, ýa Reb, saklanjakmy Sen? Dymyp, şeýle gazaply ezýet berjekmi bize?


dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty, Taňry olary görýän dälmidir?


Sen ynsanlary deňizdäki balyklar ýaly, serdarlary bolmadyk süýrenijiler ýaly etdiň.


Biri-biriňize garşy pislik etmäň, ýalan ýere ant içmekden gorkuň; bularyň bary Meniň ýigrenýän zatlarymdyr. Muny Reb aýdýandyr».


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


Hojaýynlaryndan gaçyp, ýanyňyza gelen gullary yzyna eltip bermäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ