Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Patyşalary masgaralaýarlar, hökümdarlary ýaňsylaýarlar, galalaryň üstünden gülýärler, ýanynda depe ýasap, ele salýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Патышалары масгаралаярлар, хөкүмдарлары яңсылаярлар, галаларың үстүнден гүлйәрлер, янында депе ясап, эле салярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 1:10
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy.


Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakyny Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýehoýakymyň üstüne çozup, ony Babyla äkitmek üçin zynjyr bilen daňdy.


Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi? Arpat kimin dälmi Hamat? Samariýa Damask kimin dälmi?


Görenler çiňerilip serederler saňa, sen hakda oýlanyp, şeýle diýerler: «Ýeri sarsdyran, patyşalyklary titreden,


Hamat, Arpat we Separwaýym galalarynyň şalary, Henanyň we Ywahyň şalary nirede?»


Reb şeýle diýýär: «Siz: „Biz sag-salamatlyk däl-de, howp hem howsala sesini eşitdik“ diýýäňiz.


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


Ýapgytlar bilen çozujylardan goranmak üçin ýykylan bu şäheriň öýleridir Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri hakynda Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär:


Üstüňize gaharymy döküp, gazap odumy üflärin, seni öldürmäge zabun wagşylaryň eline bererin.


Eý, Sur galasy, olar saňa garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler, garşyňa berkitmeler salyp, diwaryňa çykmak üçin ýapgytlar gurarlar we galkanlaryny seniň garşyňa goýarlar.


«Şol gurbanlyk güni Men hökümdarlary, şazadalary, ýat adatlara eýerýänleri jezalandyraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ