Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Җанлы-җандарларың әхлиси сизе иймит болар; эдил гөк өсүмликлери бершим ялы, оларың хеммесини Мен сизе берйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 9:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ähli haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar sizden juda gorkuda ýaşarlar; olaryň hemmesi siziň ygtyýaryňyza berilýär.


Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Men hiç bir zadyň öz-özünden haram däldigini bilýärin, Rebbim Isa Mesih hem meni bu babatda ynandyrýar. Ýöne kim haýsydyr bir zady haram saýýan bolsa, onuň üçin haramdyr.


Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr.


Haýsydyr bir tagam zerarly Hudaýyň işini weýran etmäliň. Hemme zat tämizdir, ýöne doganynyň imanda büdremegine sebäp bolýan zady iýýän adam nädogry edýändir.


Islendik tagamy iýip bilýän imanly iýmeýän imanla äsgermezlik etmesin; iýmeýän-de hemme zady iýýäni ýazgarmasyn, sebäbi Hudaý ony kabul edendir.


Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir.


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


Muňa garamazdan, Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä, ýaşaýan ýeriňizde islän wagtyňyz mal öldürip, etini iýip bilersiňiz. Ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler.


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ