Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Ähli haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar sizden juda gorkuda ýaşarlar; olaryň hemmesi siziň ygtyýaryňyza berilýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Әхли хайванлар, гушлар, сүйрениҗилер ве балыклар сизден җуда горкуда яшарлар; оларың хеммеси сизиң ыгтыярыңыза берилйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 9:2
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi.


Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.


Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.


Hudaýymyz Reb ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy.


Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady.


Hudaý Nuha hem-de onuň ogullaryna şeýle pata berdi: «Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň.


Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin.


Onuň beýik güýjüne bil baglap bilermikäň? Agyr işiňi oňa tabşyryp bilermikäň?


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, ýurtdaky ýyrtyjy haýwanlaryň soňuna çykaryn. Olar çölde howpsuz ýaşarlar we tokaýlarda ýatarlar.


Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.


Üstüňize wagşy haýwanlary ibererin. Olar sizi çagalaryňyzdan jyda düşürerler, mallaryňyzy gyrarlar, sanyňyzy azaldyp, ýollaryňyzy çolardarlar.


Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz.


Ynsan her dürli haýwanlara, guşlara, süýrenijilere, deňiz jandarlaryna diýenini etdirendir we etdirýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ