5 Nuh Rebbiň buýran zatlarynyň hemmesini berjaý etdi.
5 Нух Реббиң буйран затларының хеммесини берҗай этди.
Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi.
Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym – Hudaýyň sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýip jogap berdi.
dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde, uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.
Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar.
Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi.
ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy, Özüni peseltdi.
Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.
Isa oňa: «Goý, häzir şeýle bolsun, sebäbi bize Hudaýyň islegini berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.
Musa ähli zady edil Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi.
Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi.
Musa bilen Harun Rebbiň hut özlerine buýruşy ýaly etdiler.
Ähli erkek hem urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly gämä mündüler. Onsoň Reb gäminiň gapysyny ýapdy.