Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 45:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýusubyň doganlarynyň gelendigi hakyndaky habar faraonyň köşgüne baryp ýetdi. Muňa patyşa-da, onuň emeldarlary-da begendiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Юсубың доганларының гелендиги хакындакы хабар фараоның көшгүне барып етди. Муңа патыша-да, онуң эмелдарлары-да бегендилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 45:16
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ikinji gezekde bolsa Ýusup doganlaryna özüni tanatdy. Şeýlelikde, faraon Ýusubyň maşgalasy barada bildi.


Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.


Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.


Patyşanyň göwnüne ýaran gyzlaryň biri şa aýaly Waştynyň deregine şa aýaly bolsun». Bu teklip patyşa ýarap, ol olaryň aýdyşy ýaly hem etdi.


Bu maslahat patyşanyň hem-de onuň begleriniň göwnünden turdy we patyşa edil Memukanyň aýdyşy ýaly hem etdi.


Bu niýet patyşanyň we halkyň gözüne dogry göründi.


Tutuş halk Dawudyň bu bolşuny görüp, ony makullady. Patyşanyň edýän ähli işinden hoşal bolşy ýaly, halk bu gezek hem ondan hoşal boldy.


Şoňa görä-de, faraonyň düşbi, pähim-paýhasly adamy tapyp, ony Müsüre baştutan edip bellemegi zerurdyr.


Bu şert Hamor bilen onuň ogly Şekeme ýarady.


Abymelek Ybraýyma: «Ine, tutuş ýurdum seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Sen islän ýeriňde ýaşa» diýdi.


Ybram Seraýa: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Seraý Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.


Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady. Diňe şondan soň doganlary onuň bilen gepleşmäge başladylar.


Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Doganlaryňa şeýle diý: „Eşekleriňizi ýükläň-de, Kengana dolanyň.


Faraona we onuň ähli emeldarlaryna bu teklip ýarady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ