2 Bu ikisine faraonyň gahary geldi.
2 Бу икисине фараоның гахары гелди.
Birnäçe wagtdan soň, Müsür patyşasynyň baş sakysy bilen baş nan bişirijisi patyşanyň göwnüne degdiler.
Edil Ýusubyň ýorşy ýaly, faraon baş sakyny ýene öňki wezipesine belledi; ol faraona sakylyk etdi.
Baş saky bolsa Ýusup hakda pikir hem etmedi, ol ony ýadyndan çykardy.
Bir gün faraonyň baş nan bişiriji bilen maňa gahary gelip, bizi janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndana saldy.
Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna,
Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
Patyşanyň gazaby ölüm çaparydyr, ýöne parasatly adam ony köşeşdirýär.
Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.
Gaty gaharjaň adam jeza çeker, eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.
Gazap zabundyr, gahar sil kimindir, emma gabanjaňlygyň öňünde kim durup biler?
Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.