Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Хабыл хем өз сүрүсиниң илкинҗи догланларының семизлеринден Реббе садака гетирди. Реб Хабылы ве онуң садакасыны кабул этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 4:4
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra görnüp, bular haýwan bölekleriniň arasyndan geçipmiş.


Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi.


Onsoň siz öz hudaýyňyza, men hem Rebbe dileg ederin. Haýsy hudaý ot bilen jogap berse, şol hakyky Hudaýdyr». Bütin halk bu pikiri makullady.


Şeýdip, Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrdy, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlady.


Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny hödürledi. Ol Rebbi çagyrdy; Reb ýakma gurbanlyk sypasynyň üstünde gökden ot bilen Dawuda jogap berdi.


Süleýman dileg edip bolan dessine gökden ot inip, ýakma gurbanlygy we beýleki gurbanlyklary ýalmap-ýuwutdy. Öý Rebbiň şöhratyndan doldy.


Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.


siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. Mallaryňyzyň ähli ilkinji erkek doglanlary Rebbiňkidir.


Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.


Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi.


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Olaryň Rebbe hödür edýän iň oňat zeýtun ýagyny, iň oňat şerabyny we bugdaýyny, iň oňat önümlerini size berdim.


Ýöne sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlary üçin töleg alma, olar mukaddesdirler. Olaryň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpip, ýagyny-da Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde otda ýak.


Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär.


Hakykatdanam, ähli zat Mukaddes Kanun boýunça gan bilen päklenýär. Gan dökülmezden hiç bir günä bagyşlanmaýar.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Perişdäniň elinde hasasy bardy. Ol hasanyň ujuny et bilen petire degrende, daşdan ot çykdy. Ot daşyň üstündäki et bilen petiri ýakyp kül etdi. Hut şol wagt Rebbiň perişdesi gözden gaýyp boldy.


Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ