Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Soňra ol Kabylyň dogany Habyly dogurdy. Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Соңра ол Кабылың доганы Хабылы догурды. Хабыл гоюн чопаны, Кабыл болса дайхан болуп етишди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 4:2
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şoňa görä öz alnan topragyny işläp bejereri ýaly, Hudaýymyz Reb adamy Erem bagyndan çykardy.


Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim» diýdi.


Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi.


Faraon olardan: «Käriňiz näme?» diýip sorady. Olar faraona: «Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly çopandyrys» diýip jogap berdiler.


Nuhuň özi daýhandy. Ol ilki bilen üzüm agaçlaryny oturtdy.


Aýalyň miweli üzüm agajy deý bolar seniň öýüňde ogullaryň zeýtun nahallary deý – saçagyňyň başynda


Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi.


Emma Reb meni süriniň yzyndan aldy-da, maňa: „Bar, git-de, Meniň halkym Ysraýyla pygamberlik et“ diýdi.


Şonuň üçin hem dünýä ýaradylaly bäri hemme pygamberleriň dökülen gany üçin bu nesil jogapkärdir.


Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Zekarýanyň ganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şuny aýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Kimiň Hudaýyň perzendidigi, kimiň bolsa iblisiňkidigi şundan belli: dogry iş etmeýän we doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir.


Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy.


Doganyny ýigrenýän adam ganhordyr. Hiç bir ganhoryň bolsa baky ýaşaýşa gowuşmaýandygyny bilýänsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ