Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 32:3 - Mukaddes Kitap

3-4 Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3-4 Якуп Эдом юрдуның Сегир дийилйән ерине, доганы Ысавың янына хабарчы ёллап: «Мениң җенабым Ысава шейле дийиң» дийип, өз хабарчыларына шу сөзлери айтмаклыгы буюрды: «Сениң гулуң Якуп шейле диййәр: „Мен Лабаныңкыда шу вагта ченли гелмишек болуп яшадым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 32:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ýakuba: «Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan maňa-da bersene. Men aç öldüm» diýdi. (Şol sebäpden hem oňa Edom diýip at dakdylar.)


Ýalbarýaryn, meni öz doganym Ysawyň elinden halas et! Men onuň gelip, biziň hemmämizi, çagalary hem olaryň ejelerini öldürerinden gorkýaryn.


Muny eşidip, Ýakup juda gorkdy. Ol öz ýanyndan: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozup, ony basyp alaýanda-da, beýleki topar gutular» diýip, öz adamlaryny, ownukly-irili mallaryny hem düýelerini iki topara böldi.


Şoňa görä-de, jenabym, sen öz guluňyň öňünden gidiber. Men mallaryň hem çagalaryň aýagyna ýöräp, gyssanman barybererin. Jenabym, seniň bilen Segirde duşuşarys».


Ysaw öňden gaýdyp, şol gün Segire tarap ýola düşdi.


Neriň ogly Abner Şawulyň goşunbaşysydy. Ol Şawulyň ogly Yşboşedi Mahanaýyma getirdi.


Onsoň Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, meniň hyzmatkärimiň gözlerini açaý, goý, ol görsün» diýdi. Reb Elýaşanyň hyzmatkäriniň gözlerini açdy. Hyzmatkär dagda Elýaşanyň töwereginiň atlardyr söweş arabalary sypatyndaky otdan doludygyny gördi.


Rebbiň sözüne görä, Şawulyň patyşalygyny Dawuda bermek üçin onuň ýanyna Hebrona gelen ýaragly goşunlar, ine, şulardyr:


Dolan, eý, şulamly gyz, dolan! Dolan, saňa bakaly, dolan. Iki toparyň tansyna tomaşa edýän deý, şulamly gyza bakjaksyňyz näme üçin?


Duma baradaky pygamberlik: Segirden çagyrýar biri meni: «Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar? Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»


Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?


Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.


Edom eýeleniler, Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler. Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.


Ol Özünden öň birnäçe ilçini ýollady. Olar hem Onuň gelerine taýýarlyk görmek üçin, samariýalylaryň bir obasyna girdiler.


Horep dagyndan Kadeşbarneýa çenli aralyk Segir daglygynyň üsti bilen gideniňde, on bir günlük ýoldy.


Reb Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri bilen hem şeýle etdi. Olaryň öňünden horylary ýok etdi. Ysawyň nesilleri horylary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. Hatda olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar.


Olar bilen urşa girişmäň, çünki Men size olaryň ýerinden ýekeje garyş-da ýer berjek däl. Çünki Segir daglygyny Men Ysawa mülk berdim.


Olaryň tutýan ýerleri Mahanaýym, tutuş Başan, Başan hany Oguň ähli hanlygy, Ýaýyryň ähli galalary – jemi altmyş gala;


Yshaga hem Ýakup bilen Ysawy berdim. Men Ysawa Segir daglygyny mülk berdim, ýöne Ýakup nesilleri bilen Müsüre gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ