Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.
Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň».
Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.
Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.
Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.
Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)
Aldananam Adam ata däldi. Aýal aldanyp, günä gazandy we näletlenip, dogrum burgularyna sezewar edildi. Emma aýal iman edip, söýgi we halallyk ýörelgelerine eýerse, bu nälete garamazdan halas ediler.