Ölüm pursady golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi uýlugymyň astynda goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn.
Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.
«Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.
Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».