Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Худайымыз Реб ол ерде сүйҗи, дүрли-дүрли овадан мивели агачлары гөгертди. Багың ортарасында ики саны дарагт: яшайыш дарагты хем-де ягшыны-яманы сайгарыш дарагты барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 2:9
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».


Hudaýymyz Reb: «Ine, adam ýagşyny-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş daragtyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi.


Ol adamy bagdan kowdy; soňra Ol ýaşaýyş daragtyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda keruplar hem-de aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy.


Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi».


Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».


Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.


Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr. Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.


galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,


Öz pisligiňe bil bagladyň; sen: «Meni hiç kim görmeýär» diýdiň. Paýhasyň we bilimiň seni azaşdyrdy, içiňden: «Diňe men, menden başga ýok» diýdiň.


Ony gabra inýänler bilen birlikde ölüler dünýäsine inderenimde, ýykylyşynyň gürpüldisinden milletleri titretdim; onsoň Erem bagynyň ähli agaçlary, Liwanyň iň owadan we iň saýlama agaçlary, bol suw içip ösenleriň bary ýeriň teýinde teselli tapdylar.


Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Derýanyň boýunda, onuň ýakasynyň ikiýan tarapynda her hili miweli agaçlar gögerer. Suwlaryň mukaddes öýden çykýandygy sebäpli olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez; her aý täze miwe bererler. Olaryň miweleri iýmit, ýapraklary derman bolar».


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, Onuň huzurynda bu buýruklaryň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirsek, biz dogry saýylarys“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


Şäheriň şaýolunyň ortasynda, derýanyň her kenarynda ýaşaýyş daragty ösüp otyrdy. Bu daragtlar her aýda miwe berip, ýylda on iki gezek hasyl getirýärdi. Daragtlaryň ýapraklary milletlere şypa berýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ