Sen Eremde – Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.
Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi.
Onuň öňünden ot ýalmap-ýuwudýar, yzyndan-da ýalyn köýdürýär. Öň ýanynda toprak Erem bagy deý, yz ýanynda – tozap ýatan beýewan. Ondan hiç zat gutulyp-da bilmeýär.
Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.
Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden galalarynyň: Gozanyň, Haranyň, Resepiň ilatyny, Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi?
Ony gabra inýänler bilen birlikde ölüler dünýäsine inderenimde, ýykylyşynyň gürpüldisinden milletleri titretdim; onsoň Erem bagynyň ähli agaçlary, Liwanyň iň owadan we iň saýlama agaçlary, bol suw içip ösenleriň bary ýeriň teýinde teselli tapdylar.
Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.