Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Худайымыз Реб топракдан адам ярадып, онуң бурнуна дирилик непесини үфледи. Шейдип, адам җанлы барлык болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 2:7
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy.


Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».


Şoňa görä öz alnan topragyny işläp bejereri ýaly, Hudaýymyz Reb adamy Erem bagyndan çykardy.


Gury ýerdäki burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi öldi.


içimde janym, burnumda Hudaýyň demi barka,


Hudaýyň Ruhy meni ýaratdy, Gudratygüýçliniň demi maňa ýaşaýyş berýär.


Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn, menem toprakdan ýaradyldym.


Onsoň Ol toprakdan ýaradylan ynsana neneň ynam etsin! Olaryň esasy tozdandyr, olar güýeden tiz gyrylýandyrlar.


Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz.


Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň:


Adamyň ruhy Rebbiň çyrasydyr, ol ynsan kalbynyň bütin jümmüşini barlaýar.


ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Ýyrtmagyň öz wagty bar, tikmegiň öz wagty; dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty.


Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar?


Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz.


Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.


Hökmürowan Reb bu süňklere şeýle diýýär: „Ine, Men size nepesimi üflärin, siz direlersiňiz.


Üstüňize siňirler çekip, size et bitirerin, üstüňize deri geýdirip, içiňize nepesimi üflärin; siz direlersiňiz we Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


«Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin.


Şeýle diýip, olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: «Mukaddes Ruhy kabul ediň.


Ol ynsan eliniň hyzmatyna mätäç däl, Ol hiç zada zar däl, sebäbi her bir ynsana ýaşaýyş, dem we ähli zady berýän Onuň Özüdir.


Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?


Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam – Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy.


Ilkinji ynsan ýeriň topragyndandy, ikinji Ynsan bolsa Göklerdendi.


Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir.


Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.


Çünki ilki Adam ata, onsoň How ene ýaradyldy.


Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ