Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Hudaýymyz Reb gögi we ýeri ýaradanda bolup geçen wakalar şulardyr: Hudaýymyz Reb ýeri we gögi ýaradanda,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Худайымыз Реб гөги ве ери яраданда болуп гечен вакалар шулардыр: Худайымыз Реб ери ве гөги яраданда,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 2:4
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.


Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy.


Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.


Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy.


Nuhuň ogullary Samyň, Hamyň hem-de Ýafesiň nesilleri şulardyr. Silden soň olardan şu çagalar doguldy.


Samyň nesilleri şulardyr. Silden iki ýyl soňra, Sam ýüz ýaşyndaka, ondan Arpakşat doguldy.


Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.


Ybraýymyň aýaly Saranyň Hajar atly müsürli gyrnagy bardy. Ybraýymyň bu gyrnak aýalyndan bolan ogly Ysmaýylyň nesilleri şulardyr.


Segir daglygyndaky edomlaryň atasy bolan Ysawyň nesilleri şulardyr.


Adamyň nesilleri baradaky taryhy ýazgylar şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy.


Bütin halk muny görüp, ýüzin ýykylyp: «Reb Hudaýdyr! Reb Hudaýdyr!» diýdi.


«Atalarymyzyň Hudaýy, ýa Reb! Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez.


Ýagşyň atasy barmy? Çyg damjalaryny ýaradan kim?


Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň? Bilýän bolsaň, aýt hany!


Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi.


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


şeýle diýdi: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Sen häzir bar, geçmişde-de bolduň. Biz Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňa beslenip, şalyk sürüp başladyň.


Men suwlara gözegçilik edýän perişdäniň şeýle diýenini eşitdim: «Eý, häzir bar we geçmişde bolan Mukaddes Hudaý! Sen şu hökümi çykarmak bilen adalatlydygyňy aýan etdiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ