Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar.
Bu ysraýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym».
Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz,
Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler.
Biz onuň taýyndygyny bilýäris, sebäbi Sabat güni hakda Mukaddes Ýazgylaryň bir ýerinde: «Hudaý ýedinji gün ähli işini tamamlap dynç aldy» diýip ýazylandyr.