Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.
Huram sözüni şeýle dowam etdi: «Gögi we ýeri ýaradan Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Reb Dawut patyşa pähim-paýhasdan we düşünjeden doly akylly ogul berdi. Şol ogul Rebbe öý we özüne köşk gurar.
Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we ondaky barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.
Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady.
Bu ysraýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym».
Gökleri ýaradan, Ol Hudaý, dünýäni ýaradan, oňa şekil beren, ony berkiden, boş bolmasyn, adamly bolsun diýen Reb şeýle diýýär: «Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur».
Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.
Muny eşidenlerinde, olaryň hemmesi batly ses bilen Hudaýa şeýle doga-dileg etdiler: «Eý, Hojaýynymyz Reb! Ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan Sensiň!
Emma Hudaý olardan ýüz öwrüp, asman jisimlerine sežde etsinler diýip, olary terk etdi. Pygamberler kitabynda, ine, şeýle ýazylan: „Eý, ysraýyl halky, kyrk ýyllap çölde gezeniňizde, Maňa gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?
Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.
Biz bolsa iman edendigimiz üçin, dynçlyk mekanyna gireris. Iman etmedikler hakda bolsa Hudaý şeýle diýdi: «Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim». Ol bu ýeriň hatda dünýä ýaradylaly bäri taýyn edilendigini aýtdy.