Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Gelip çykyş 16:3 - Mukaddes Kitap

3 Şeýdip, Seraý müsürli gyrnagy Hajary öz adamsy Ybrama aýallyga berdi. (Bu waka bolup geçende, Ybram Kenganda on ýyl ýaşapdy.)

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Шейдип, Серай мүсүрли гырнагы Хаҗары өз адамсы Ыбрама аяллыга берди. (Бу вака болуп геченде, Ыбрам Кенганда он йыл яшапды.)

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Gelip çykyş 16:3
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hajar Ysmaýyly dogranda, Ybram segsen alty ýaşyndady.


Ybram Hajar bilen ýatdy we Hajar göwreli boldy. Hajar özüniň göwrelidigini bilenden soň, öz bikesine ýigrenç bilen seretdi.


Seraý Ybrama: «Meniň mertebämiň peselmegine sen sebäp bolduň! Öz gyrnagymy seniň goýnuňa beren mendirin. Ol özüniň göwrelidigini bileni bäri maňa ýigrenç bilen seredýär. Ikimizden haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, Reb çözsün» diýdi.


Oglan Paran çölünde ýaşaýardy. Ejesi ony müsürli bir gyza öýerdi.


Gyrnak aýallaryndan bolan ogullaryna bolsa Ybraýym özi dirikä sowgatlar berip, olary Yshakdan aýryp, gündogar topragyna iberdi.


Ol öz gyrnagy Bilhany Ýakuba aýallyga berdi; Ýakup onuň bilen ýatdy.


Leýa özüniň dogurmakdan galandygyna göz ýetirip, öz gyrnagy Zilpany Ýakuba aýallyga berdi.


Şol gije Ýakup turup, iki aýalyny, iki gyrnagyny hem-de on bir çagasyny alyp, Ýabok derýasynyň güzerinden geçdi.


Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;


Dawut Hebrondan gelenden soň, Iýerusalimde ýene-de gyrnaklardyr aýallar aldy. Olardan hem Dawudyň ogul-gyzlary boldy.


Onuň ýedi ýüz şa aýaly, üç ýüz gyrnak aýaly bardy. Aýallary onuň ýüregini azdyrdylar.


Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny aňladyp, häzirki Iýerusalime hem meňzeýär. Sebäbi ol çagalary bilen gulçulykdadyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ