Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.
Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.
Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.