4 Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy.
4 Худай ягтылыгың говудыгыны гөрүп, оны түмлүкден бөлүп айырды.
Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi.
Şeýdip, ýer tohum berýän her dürli ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi.
Hudaý ýer ýüzünde dürli haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.
Reb höküm sürer ebedi, eý, Sion, seniň Hudaýyň – nesillerboýy. Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.
Yşyk gözeldir. Güni görmek gözlere hoş ýakýandyr.
Ýagtylygyň garaňkylykdan bähbitli bolşy kimin, akyldarlygyň hem akmaklykdan bähbitlidigini bildim.
Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.