Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Галатялылар 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Şunlukda, iman edýän her kes iman guly bolan Ybraýym bilen bile ýalkanýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шунлукда, иман эдйән хер кес иман гулы болан Ыбрайым билен биле ялканяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Галатялылар 3:9
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym juda garrapdy. Reb ony ähli zatda ýalkapdy.


Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.


Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi.


Bu bize, ýagny Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direlden Hudaýa iman edip, dogruçyl hasaplanýanlara hem degişlidir.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Eý, doganlarym, indi siz Yshak ýaly wada görä doglan ogullarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ