Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Галатялылар 3:20 - Mukaddes Kitap

20 Ýeke-täk biriniň bolan ýerinde bolsa töwellaçy gerek bolmaýar. Hudaý hem ýeke-täk bolany üçin, wadasyny töwellaçy arkaly däl-de, gönüden-göni beripdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Еке-тәк бириниң болан еринде болса төвеллачы герек болмаяр. Худай хем еке-тәк боланы үчин, вадасыны төвеллачы аркалы дәл-де, гөнүден-гөни берипди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Галатялылар 3:20
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Wah, ikimizi-de diňläp, elini üstümize goýar ýaly, aramyzda bir araçy bolsady!


Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.


Şeýlelikde, men size şuny aýtmakçy: dört ýüz otuz ýyl geçenden soň berlen Mukaddes Kanun bu ähti bozup-da, Hudaýyň wadasyny ýatyryp-da bilýän däldir.


Eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.


Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Emma Isa berlen ruhanylyk hyzmaty beýleki ruhanylaryňkydan beýikdir. Şeýle hem Ol täze ähtiň Binýatçysydyr, täze äht öňki ähtden üstündir we ygtybarly wadalara esaslanandyr.


Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ