Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Галатялылар 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Худай Ыбрайым билен әхт баглашды. Ол бу әхти берҗай этҗекдиги барада Ыбрайыма ве онуң неслине вада берди. Мукаддес Язгыларда «сениң несиллериңе» дийип көпчүлик барада дәл-де, «сениң хут өз неслиңе» дийип, еке-тәк Бири барада вада берлендир. Бу хем Иса Месихдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Галатялылар 3:16
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar».


Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi.


Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et, çünki seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:


Siz şol pygamberleriň nesillerisiňiz we Hudaýyň ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň mirasçylarysyňyz. Hudaý Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly pata alarlar!“ diýdi.


Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri-birimize baglydyrys.


Hudaý Ybraýyma we onuň nesline dünýäni miras bermegi wada berdi. Bu wada Ybraýyma Musanyň Kanunyny berjaý edendigi üçin däl-de, iman edip, Hudaýyň nazarynda dogruçyl hasaplanandygy üçin berildi.


Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi.


Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir.


Siziň ähliňiz Isa Mesihiň bedenisiňiz, her biriňiz bedeniniň bir agzasysyňyz.


Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin!


Onda Mukaddes Kanun nämä gerek boldy? Ol günäniň nämedigini görkezmek üçin goşmaça berlipdi. Kanun Hudaýyň wadasy we Ybraýymyň nesli bolan Mesih gelýänçä hereket etdi. Bu Kanun perişdeler arkaly töwellaçy Musanyň gatnaşmagynda berlipdi.


Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi.


Bu beýik syrdyr, ýöne men munda Mesih we imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin.


Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär.


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ