Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Галатялылар 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!)

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Йыгнагың ёлбашчылары мениң вагыз эдйән Хош Хабарыма хич зат гошмадылар. (Олар ким болсалар-да, маңа пархы ёк, себәби Худай адамың даш кешбине гарамаяр!)

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Галатялылар 2:6
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Han-beglerden ýüz görmeýär, baýy garypdan ýokary tutmaýar, çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.


Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.


Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar.


Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris.


Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim.


Ýaňy-ýakynda özüni beýik adam saýýan Teýuda gozgalaň turuzdy, dört ýüz adam onuň yzyna eýerdi. Emma ol öldürilenden soň, onuň yzyna eýerenleriň hemmesi dargap gitdi.


Ýöne men siziň şol «beýik resullaryňyzdan» asla kem däldirin!


Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Meni ol ýere Rebbiň ylhamy alyp bardy. Iýerusalimdäki ýygnaklaryň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyp, olara keseki milletlere wagyz edýän Hoş Habarymy beýan etdim. Men muny öňki-soňky edenlerimiň bary puja çykaýmasyn diýip etdim.


Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.


Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň.


Bütinleý ýüz görmezden, her kime eden işine görä höküm çykarýan Hudaýy Ata diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi Hudaýdan gorkup geçiriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ