Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Галатялылар 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Biziň size ozal aýdanlarymyzy men ýene-de gaýtalaýaryn: kimdir biri size ozal kabul eden Hoş Habaryňyzdan başgasyny wagyz etse, goý, lagnatly bolsun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Бизиң сизе озал айданларымызы мен ене-де гайталаярын: кимдир бири сизе озал кабул эден Хош Хабарыңыздан башгасыны вагыз этсе, гой, лагнатлы болсун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Галатялылар 1:9
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.


Ol ýerde birnäçe wagt bolandan soň, ýene ýola düşdi, Galatýa we Frikiýa ülkelerini aýlanyp, ähli şägirtleri imanda berkitdi.


Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň.


Hawa, men ganybir doganlarym bolan ysraýyl halkynyň Isa Mesihden aýra düşeninden, özümiň gargyşa galyp, olaryň hatyrasyna Mesihden aýra düşmäge-de kaýyldyryn. Hudaý olary ogullyga aldy, olara Öz şan-şöhratyny aýan edip, olar bilen äht baglaşdy. Ol Kanuny we ybadathanadaky hyzmaty olara ynandy, wadalaryny hem olara berdi.


Eýsem men öz niýetlänlerimde durnuksyzlyk etdimmi? Ýa-da bulary niýetlänimde bu dünýäniň adamlary ýaly ikigöwünli bolup, ilki «hawa, hawa», soňra-da «ýok, ýok» diýýärinmi?


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň.


Şunlukda, eý, doganlarym, goý, şatlygyňyzyň gözbaşy Reb bolsun! Size şindi ýazýanymy gaýta-gaýta ýazmak maňa kyn däl. Bu sizi goramak üçindir:


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ