4 Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!
4 Ребде шатланың. Ене-де гайталаярын: шатланың!
Reb Iýerusalimi bina eýleýär, Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.
Dawudyň Abymelegiň öňünde özüni dälilige uran wagtyndaky mezmury. Abymelek Dawudy kowandan soň, ol gitdi.
men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar.
Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.
Ýarygije töweregi Pawlus bilen Silas doga-dileg edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi.
Resullar Isanyň ady ugrunda masgara bolmaga mynasyp görlendikleri üçin ýokary mejlisden şadyýan çykyp gitdiler.
Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.
ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.
Emma hatda biz ýa-da asmandan inen bir perişde size öň wagyz eden Hoş Habarymyzdan başga bir «hoş habary» wagyz etse, goý, näletli bolsun!
Şoňa görä, siz hem şatlanyp, meniň şatlygyma şärik boluň.
Şunlukda, eý, doganlarym, goý, şatlygyňyzyň gözbaşy Reb bolsun! Size şindi ýazýanymy gaýta-gaýta ýazmak maňa kyn däl. Bu sizi goramak üçindir:
Tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň. Onuň şöhraty aýan bolanda, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.