Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 4:18 - Mukaddes Kitap

18 Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Мениң хемме задым бар, артыгы билен бар. Эпафродит сизиң иберен пешгешлериңизи гетирели бәри, кем задым галмады. Булар хошбой ыслы гурбанлык кимин Худайың халаян гурбаныдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 4:18
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Men size hyzmat etmek üçin, beýleki ýygnaklardan hemaýat puluny alyp, olary talan ýaly boldum.


Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Men mätäçligiň-de, bolelinligiň-de nämedigini bilýärin. Men doklukda ýa açlykda, bolelinlikde ýa mätäçlikde ýaşasam-da, garaz, her ýagdaýda we her halda kanagatly bolmagyň tärini öwrendim.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ