Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Her nähili bolsa-da, meniň muşakgatlaryma şärik bolup, gowy etdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Хер нәхили болса-да, мениң мушакгатларыма шәрик болуп, говы этдиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 4:14
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi.


Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa, öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi.


Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.


Hawa, olar muny göwünjeňlik bilen etdiler, aslynda olar şeýle-de etmelidiler. Çünki ýahudy imanlylar başga halklar bilen öz ruhy patalaryny paýlaşdylar. Şoňa görä-de, başga halklar hem öz gezeginde olara maddy mätäçliklerinde kömek bermäge borçludyrlar.


Şunlukda, söz arkaly öwüt alýan adam oňa öwüt berýän bilen ähli ýagşy zatlaryny paýlaşsyn.


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur.


Siz bir tarapdan, hemmeleriň öňünde kemsidilmelere we muşakgatlara sezewar edildiňiz, beýleki bir tarapdan, şeýle ýagdaýa uçranlaryň derdini deň çekişdiňiz.


Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.


Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ