13 Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.
13 Маңа кувват берйән Иса Месих аркалы әхли зады башарярын.
Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.
Olar: «Dogrulyk hem kuwwat ýalňyz Rebdedir» diýerler. Oňa gazap bildirenleriň ählisi huzuryna gelip, utanarlar.
Isa: «Gel!» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzünden Isa tarap ýöremäge başlady.
Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler.
Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin.
Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.
Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin.
Men Rebbimiz Isa Mesihiň maňa gujur-gaýrat berendigi üçin şükür edýärin. Ol meni sadyk saýyp, Özüne hyzmat etmäge belledi.