8-9 Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.
Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin.
Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz.
Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler.
Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi.
Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.
Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.
Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!
Men Isa Mesihiň Özüni, Onuň direlişiniň güýjüni bilesim gelýär. Isa Mesihiň jebir-jepalaryna şärik bolup, Oňa Onuň ölüminde meňzäp, ölümden direlişe ýetesim gelýär.
Şunlukda, men bularyň baryna ýetendirin ýa-da kämilleşendirin öýdemok. Emma men bulary gazanmak üçin jan edýärin. Sebäbi Isa Mesih meni şu maksat bilen gazandy.
Hudaýyň ýörelgesi boýunça ýaşamagymyz üçin Ol Öz güýji arkaly bize gerek bolan ähli zady berdi. Ol muny ýagşylyk we şöhrat bilen bizi Çagyrany tanamagymyz üçin etdi.
Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.
Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.
Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.