Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Men dünýä inenimden sekizlenji günde sünnet edilendirin. Men ysraýyl halkynyň benýamin tiresinden bolup, ýewreýleriň ýewreýidirin. Ýahudylaryň Kanunyny berjaý etmek babatda hem fariseýdirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Мен дүнйә иненимден секизленҗи гүнде сүннет эдилендирин. Мен ысрайыл халкының бенямин тиресинден болуп, еврейлериң еврейидирин. Яхудыларың Кануныны берҗай этмек бабатда хем фарисейдирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 3:5
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.


Mundan beýläk öz nesliňizden, şeýle hem özüňizden bolman, kesekilerden satyn alan gullaryňyzdan doglan erkek çagalaryň hemmesi sekiz günlükkä sünnetlenmelidir.


Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».


Biziň ýanymyzda janpenalaryň baştutanynyň hyzmatkäri bolan bir ýewreý ýigit hem bardy. Biz öz düýşümizi şoňa gürrüň berdik we ol biziň gören düýşlerimizi olaryň mazmunyna görä ýorup berdi.


Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gögüň Hudaýy Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.


Sekizinji gün çagany sünnet etmäge geldiler. Oňa kakasy Zekarýanyň adyny dakjak boldular.


Sekizinji gün çagany sünnetlemeli bolanda, Onuň adyna Isa dakdylar. Bu Onuň enesiniň göwresinde galmazdan öň, perişdäniň Oňa beren adydy.


Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr.


«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.


Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy.


Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.


Indi şuny soraýyn: eýsem Hudaý Öz halkyny ret edäýdimikä? Elbetde, ýok! Men-de Ybraýymyň neslinden, benýamin tiresinden bolan ysraýyllaryň biridirin.


Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin!


Piliştliler bu gykylygy eşidip: «Ýewreýleriň düşelgesindäki bu gykylyk nämäniň alamatyka?» diýşip geňirgenişdiler. Ysraýyllaryň düşelgesine Rebbiň sandygynyň getirilendigini bilenlerinde bolsa, olar gorkup, şeýle diýdiler: «Olaryň düşelgesine hudaýlar gelipdir. Dat biziň günümize! Bu öň görlüp-eşidilen zat däl ahyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ