Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Биз Мукаддес Рух аркалы Худая ыбадат эдип, Иса Месих билен магтанярыс, ынсан гүйҗүне даянмаярыс. Шоңа гөрә-де, хакыкы сүннетлилер биздирис!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 3:3
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adalaty goraýanlar, elmydama dogrulyk edýänler nähili bagtly!


Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Şoňa görä, buýsanaýsam-da, diňe Isa Mesih arkaly Hudaýa hyzmat edýändigime buýsanaryn.


Emma biz özümizi tussaglykda saklan Kanun babatda ölüp, ondan azat edildik. Biz indi Kanuna tabyn bolan köne ýörelgä görä däl-de, eýsem Mukaddes Ruha eýerýän täze ýörelgä görä Hudaýa hyzmat edip bileris.


Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba! Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.


Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir.


Hawa, menem magtanyp göreýin-ä, sebäbi bu dünýäniň adamlary öwünmegi ýerlikli hasaplaýarlar-a!


Mukaddes Ruh bize täze ýaşaýyş berýär. Şoňa görä-de, geliň Oňa eýereliň.


Hudaýyň Ysraýyl halkyna, ýagny şu düzgüni berjaý edýänleriň baryna parahatlyk bilen merhemet ýar bolsun!


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!


Şunlukda, men bularyň baryna ýetendirin ýa-da kämilleşendirin öýdemok. Emma men bulary gazanmak üçin jan edýärin. Sebäbi Isa Mesih meni şu maksat bilen gazandy.


Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly göklerdäki ýaşaýşa çagyrýan baýragyny almak üçin, maksadyma tarap ylgaýaryn.


Siz Onuň bilen birleşmek arkaly sünnet hem edildiňiz. Bu beden sünneti däl-de, Mesih arkaly edilen sünnet bolup, günäli tebigatyňyzyň kesilip taşlanmagydyr.


Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ