Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.
Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.
Ine: «It öz gusugyna dolanyp geler», şeýle hem: «Ýuwnan doňuz ýene batga bulaşmaga geler» diýen nakyllaryň hakykatdygyny olar öz durmuşynda subut etdiler.
Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.
„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.
Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».
Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.