Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 3:17 - Mukaddes Kitap

17 Eý, doganlar! Meniň göreldäme eýerýänlere goşulyň. Biziň göreldämize görä ýaşaýanlara üns berip, olardan öwreniň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эй, доганлар! Мениң гөрелдәме эерйәнлере гошулың. Бизиң гөрелдәмизе гөрә яшаянлара үнс берип, олардан өврениң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 3:17
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň.


Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.


Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.


Şoňa görä-de, ýalbarýaryn: meniň ýaly boluň.


Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy amal ediň. Şonda parahatlyk berýän Hudaý siziň bilen bolar.


Siz agyr muşakgatlar çekseňiz-de, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen Hoş Habary kabul edip, biziň we Rebbiň göreldesine eýerdiňiz.


Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony göz astyna alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň.


Biziň göreldämize nähili eýermelidigini özüňiz bilýänsiňiz. Biz siziň araňyzdakak, bikär gezmedik,


Biziň sizden ýardam almaga hakymyz bolsa-da, ony talap etmedik. Sebäbi göreldämize eýerip bileriňiz ýaly, muny size nusga bolmak üçin etdik.


Ýaşdygyň üçin saňa hiç kim äsgermezlik etmesin. Sen hem sözde, ýaşaýyşda, söýgüde, imanda we päklikde iman getirenlere görelde bol.


Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň.


Gol astyňyzdakylara agalyk etmezden, ýagşy görelde görkeziň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ