Isa Mesihe eýerip, Onuň Atasy bolan Hudaýymyzy bir ýürekden we biragyzdan şöhratlandyryp bileriňiz ýaly, goý, sabyrlylygyň we teselliniň gözbaşy bolan Hudaý size agzybirlik bersin.
Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.
Eşidenleriňi we öwrenenleriňi ýada sal, olary berjaý et-de toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly bararyn. Meniň haýsy sagatda üstüňe barjagymy-da bilmän galarsyň.