Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 3:15 - Mukaddes Kitap

15 Şoňa görä-de, imanda kämil bolanlarymyzyň bary, goý, şu nukdaýnazardan pikir etsin. Eger haýsydyr bir zat babatda başga pikirde bolsaňyz, onda Hudaý size muny hem aýdyňlaşdyrar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Шоңа гөрә-де, иманда кәмил боланларымызың бары, гой, шу нукдайназардан пикир этсин. Эгер хайсыдыр бир зат бабатда башга пикирде болсаңыз, онда Худай сизе муны хем айдыңлашдырар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 3:15
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.


Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»


Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesi Hudaýdan taglym alarlar“ diýip ýazylan. Atadan eşidip, Ondan taglym alan her kes Maňa geler.


Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.


Biz, imany güýçlüler, diňe öz göwnümizden turjak bolmaly däl-de, gaýtam, imany gowşaklaryň ejizliklerine geçirimli bolmalydyrys.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir.


Siziň başgaça pikir etmejekdigiňiz babatda Reb meni ynandyrýar. Siziň pikiriňizi bulaşdyrýan kim bolsa bolubersin, ol öz jezasyny çeker.


Men Hudaý – Rebbimiz Isa Mesihiň beýik Atasyna siziň üçin dileg edýärin. Goý, Ol size Ony has oňat tanap bilmegiňiz üçin, size Mukaddes Ruhuň akyldarlygyny hem ylhamyny bersin.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.


Dogan söýgüsi barada ýazyp-da oturjak däl, sebäbi birek-biregi söýmegi size Hudaýyň Özi öwretdi ahyryn.


Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.


Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.


Emma Hudaýyň sözüni berjaý edýän adamda Onuň söýgüsi hakykatdanam kämildir. Ine, biz Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy şeýdip bilýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ