Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 3:13 - Mukaddes Kitap

13 Eý, doganlar! Men bulary gazanandyryn öýdemok. Emma ýeke-täk şuny welin edýändirin: yzda galan zatlary unudyp, öňdäkilere ýetmäge ymtylýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эй, доганлар! Мен булары газанандырын өйдемок. Эмма еке-тәк шуны велин эдйәндирин: ызда галан затлары унудып, өңдәкилере етмәге ымтылярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 3:13
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber.


Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.


Diňe bir zat gereklidir. Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiç alynmaz» diýip jogap berdi.


Isa oňa: «Eline azaly alansoň yzyna seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýdi.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


Şunlukda, men bularyň baryna ýetendirin ýa-da kämilleşendirin öýdemok. Emma men bulary gazanmak üçin jan edýärin. Sebäbi Isa Mesih meni şu maksat bilen gazandy.


Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.


Şonuň üçin, geliň, Isa Mesih baradaky başlangyç taglymda saklanman öňe hereket edip, imanda berkäliň, yza gaýtmalyň. Ölüme eltýän işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek,


Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň nazarynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bolsa bir gün ýalydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ