Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.
Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.
Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.
onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.
Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.
Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.