Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.
Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».
Eger sen doganyňy ynjydaýjak zady iýýän bolsaň, onda ony söýmedigiňdir. Iýýän tagamyň zerarly öz doganyňyň imanyny weýran etme, Isa Mesih onuň ugrunda öldi ahyryn.
Isa Mesihe eýerip, Onuň Atasy bolan Hudaýymyzy bir ýürekden we biragyzdan şöhratlandyryp bileriňiz ýaly, goý, sabyrlylygyň we teselliniň gözbaşy bolan Hudaý size agzybirlik bersin.
Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!
Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz.