Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:29 - Mukaddes Kitap

29 Ony Rebdäki doganyňyz hökmünde uly şatlyk bilen garşylaň. Onuň ýaly adamlary hormatlaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Оны Ребдәки доганыңыз хөкмүнде улы шатлык билен гаршылаң. Онуң ялы адамлары хорматлаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:29
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Olar bize köp sylag-hormat etdiler. Ýola ugramakçy bolanymyzda, bize zerur ähli zatlary getirip, gämä ýüklediler.


Şeýlelikde, ol şäherde uly şatlyk döredi.


Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».


Ony Rebbimiziň haky üçin, imanlylara gelişýän tärde myhman alyň, ähli mätäçliklerinde kömek beriň. Çünki ol köplere, şol sanda maňa-da ençeme gezek kömek etdi.


Eger ýanyňyza Timoteos barsa, onuň araňyzda hiç zatdan gorkman gezip bileri ýaly alada ediň. Ol hem men ýaly Rebbiň işini edýär.


Olar siziň köňlüňize aram berişleri ýaly, meniň köňlüme-de aram berýärler. Şeýle adamlaryň gadyryny biliň.


Çünki özüni özi beýgeldýän däl-de, Rebbiň beýgeldýäni arzylydyr.


Bize ýüregiňizden ýer beriň. Biz hiç kime haksyzlyk etmedik, hiç kimi azdyrmadyk, öz bähbidimiz üçin hiç kimi işletmedik.


Şoňa görä-de, siz Epafroditi görüp, gaýtadan begenersiňiz, meniň-de gaýgy-hasratym ýeňlär diýip, ony ýanyňyza örän iberesim geldi.


Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.


Indi bolsa, eý, doganlar, sizden şulary haýyş etmekçi: araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edýänleriň, terbiýe berýänleriň gadyryny biliň;


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Şoňa görä-de, eger baraýsam, onuň etmişlerini paş ederin. Ol biz barada ýaramaz gep ýaýradyp, töhmet atýar. Munuň bilen hem çäklenmän, doganlary-da kabul etmeýär, kabul etjeklere-de päsgel berip, olary ýygnakdan kowýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ