Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:27 - Mukaddes Kitap

27 Dogrudan-da, ol ölüm halynda bolup, tas ölüpdi. Emma Hudaý oňa, diňe oňa däl, eýsem hasrat üstüne hasrat çekmezim ýaly, maňa hem rehim etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Догрудан-да, ол өлүм халында болуп, тас өлүпди. Эмма Худай оңа, диңе оңа дәл, эйсем хасрат үстүне хасрат чекмезим ялы, маңа хем рехим этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:27
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.


Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.


Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.


Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.


Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Gazabyň bilen däl-de, adalatyň bilen, ýa Reb, meni terbiýele! Ýogsam meni hiç edersiň.


Sen: „Dat günüme! Çünki Reb derdime gaýgy-hasrat goşdy, ahy-nalamdan ýaňa tapdan düşdüm, rahatlyk tapmaýaryn“ diýdiň».


Derdime şypa ýokdur, ýüregim ýaralydyr meniň.


Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.


Şol günlerde ol keselläp, aradan çykdy. Onuň jesedini ýuwup, ýokarky gatdaky otagda goýdular.


Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.


Ol bütinleý gam laýyna batmaz ýaly, indi ony bagyşlamalysyňyz, teselli bermelisiňiz.


Ol siziň ähliňizi örän göresi geldi. Onuň hassalygy barada eşidendigiňizi bilende bolsa, gaty gaýgylandy.


Şoňa görä-de, siz Epafroditi görüp, gaýtadan begenersiňiz, meniň-de gaýgy-hasratym ýeňlär diýip, ony ýanyňyza örän iberesim geldi.


Çünki ol siziň maňa edip bilmedik hyzmatyňyzyň öwezini dolmak üçin, janyny howp astyna salyp, Mesihiň işiniň ugrunda tas ölüpdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ