Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:26 - Mukaddes Kitap

26 Ol siziň ähliňizi örän göresi geldi. Onuň hassalygy barada eşidendigiňizi bilende bolsa, gaty gaýgylandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ол сизиң әхлиңизи өрән гөреси гелди. Онуң хассалыгы барада эшидендигиңизи биленде болса, гаты гайгыланды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:26
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Amnonyň ölüminden soň, köp wagtyň geçmegi bilen Dawut patyşa köşeşdi, ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmady.


Dawut adamlaryň başyna külpet getirýän perişdäni görende, Rebbe: «Wah, men günä gazandym, ine, men hata iş etdim. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber» diýdi.


„Arzymy unudaýyn, ýüzümi ýagtyldyp, şat bolaýyn“ diýsem,


Gaýgyly ýürek adamy çökerýär, ýagşy söz bolsa ony şatlandyrýar.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Isa Petrusy, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany ýanyna aldy. Ol tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär.


Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.


Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.


Hudaýyň size beren boldan-bol merhemetini görüp, olar siziň üçin doga-dilegler ederler, siziň bilen didarlaşmagy küýsärler.


Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.


Şonuň üçin hem, ugruňyzda çekýän gaýgy-hasratlarym sebäpli siziň ruhdan düşmezligiňizi haýyş edýärin. Gaýtam, bular size şöhrat getirýändir.


Men her gezek siz barada oýlananymda, Hudaýyma şükür edýärin.


Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim.


Dogrudan-da, ol ölüm halynda bolup, tas ölüpdi. Emma Hudaý oňa, diňe oňa däl, eýsem hasrat üstüne hasrat çekmezim ýaly, maňa hem rehim etdi.


Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.


Şonuň üçin hem muňa ýürekden şatlanyň. Häzirki wagtda gysga wagtlaýyn synaglara duçar bolup, gam-gussa batsaňyz-da,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ