Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:22 - Mukaddes Kitap

22 Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Эмма Тимотеосың садыклыгы сизе мәлимдир. Ол маңа Хош Хабары вагыз этмекде эдил оглуң өз атасына хызмат эдиши ялы хызмат этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:22
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Listradaky we Ikoniýadaky doganlar ol barada gowy sözler aýdýardylar.


çydamyň erjelligi, erjelligiň hem umydy döredýändigini bilýäris.


Eger ýanyňyza Timoteos barsa, onuň araňyzda hiç zatdan gorkman gezip bileri ýaly alada ediň. Ol hem men ýaly Rebbiň işini edýär.


Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.


Şoňa görä-de, men şol haty sizi synamak we her bir zatda tabyn bolup-bolmaýanlygyňyzy bilmek üçin ýazdym.


Şeýle-de Titusyň ýany bilen ýene-de bir doganymyzy iberýäris. Ol özüniň her dürli işlerde yhlaslydygyny ençeme gezek subut etdi. Size bolan ynamy sebäpli, ol mundan beýläk has-da köp yhlas etmäge taýyndyr.


Şoňa görä-de, olaryň baryna öz söýgiňizi görkezip, siz babatdaky magtanjymyzyň ýerliklidigini ähli ýygnaklara subut ediň.


Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär.


Indi bolsa, eý, doganlar, size şulary mälim edesim gelýär: meniň başyma inen külpetler dogrudan-da Hoş Habaryň ýaýramagyna ýardam etdi.


Bular meniň Hoş Habary goramak üçin saýlanandygymy bilip, ony söýgi bilen wagyz edýärler.


Çünki siz ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda hyzmatdaşlyk edýärsiňiz.


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Timoteos hem edil men ýaly siz babatda şeýle yhlasly, şeýle janypkeş. Ondan başga ibermäge şeýle adamym-da ýok.


Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş,


Timoteosa dogaýy salam! Eý, Timoteos, sen öz imanyň arkaly maňa hakyky ogul bolansyň. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy saňa ýar bolsun!


Eý, oglum, sen bulary doganlara öwretseň, öz eýeren imanyň baradaky hakykat taglymatynyň sözleri bilen ýetişdirilersiň. Şeýdip, Isa Mesihiň oňat hyzmatçysy bolarsyň.


Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň. Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.


Eý, Titus, imanymyzyň bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ