Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:21 - Mukaddes Kitap

21 Sebäbi köp adamlar Isa Mesihiň däl-de, öz bähbidini araýar ahyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Себәби көп адамлар Иса Месихиң дәл-де, өз бәхбидини араяр ахырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:21
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda-da ruhanylar Rebbiň öýüniň bejerilmeli ýerlerini bejermändiler.


Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.


«Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.


Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýadaky Perga şäherine geldiler. Şol ýerde Ýohanna olardan aýrylyp, Iýerusalime dolandy.


Emma Pawlus özlerini Pamfiliýada terk edip, Hudaýyň hyzmatyny ahyryna çenli bile dowam etmedik Marky äkitmegi makul bilmedi.


Her kes öz bähbidini däl-de, başgalaryň bähbidini arasyn.


Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.


biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar.


Çünki Isa Mesihiň görgüleriniň durmuşymyzda artdygysaýy, Ol arkaly Hudaýdan alýan tesellimiz-de artýandyr.


Her kes diňe öz bähbidini däl, eýsem başgalaryň bähbidini hem arasyn.


Sen Aziýa welaýatyndakylaryň hemmesiniň, şol sanda Figeliň we Hermogeniň menden ýüz öwrendiklerini bilýänsiň.


Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,


sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.


Kazyýet mejlisinde özümi ilkinji gezek aklamakçy bolanymda, tarapymy tutan bolmady. Gaýtam, hemmeler meni terk etdiler. Goý, Hudaý olaryň bu günäsini bagyşlasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ