Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:20 - Mukaddes Kitap

20 Timoteos hem edil men ýaly siz babatda şeýle yhlasly, şeýle janypkeş. Ondan başga ibermäge şeýle adamym-da ýok.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Тимотеос хем эдил мен ялы сиз бабатда шейле ыхласлы, шейле җаныпкеш. Ондан башга ибермәге шейле адамым-да ёк.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:20
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin, Saňa şükür gurbanlyklaryny hödür ederin.


«Başarjaňlyk bilen işleýän zenan köpdür, ýöne sen olaryň baryndan ýokarysyň».


Ol adam gaçyp gider, sebäbi ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlar hakda hiç hili alada etmez.


Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi.


Isa Mesihe eýerip, Onuň Atasy bolan Hudaýymyzy bir ýürekden we biragyzdan şöhratlandyryp bileriňiz ýaly, goý, sabyrlylygyň we teselliniň gözbaşy bolan Hudaý size agzybirlik bersin.


Eger ýanyňyza Timoteos barsa, onuň araňyzda hiç zatdan gorkman gezip bileri ýaly alada ediň. Ol hem men ýaly Rebbiň işini edýär.


meniň begenjimiň üstüni ýetiriň: pikirdeş boluň, biri-biriňizi söýüň, ruhuňyz we maksadyňyz bir bolsun.


Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.


Ýustus lakamly Ýeşuwa hem size salam aýdýar. Hudaýyň Şalygy ugrunda zähmet çekýän ýahudy işdeşlerim diňe şulardyr. Olar maňa teselli berip gelýärler.


Timoteosa dogaýy salam! Eý, Timoteos, sen öz imanyň arkaly maňa hakyky ogul bolansyň. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy saňa ýar bolsun!


Eý, oglum, sen bulary doganlara öwretseň, öz eýeren imanyň baradaky hakykat taglymatynyň sözleri bilen ýetişdirilersiň. Şeýdip, Isa Mesihiň oňat hyzmatçysy bolarsyň.


Seniň Isa Mesihe bolan hakyky imanyňy ýatlaýaryn. Ozal mamaň Loýisiň, ejeň Ewnikiniň kalbynda mesgen tutan imanyň indi seniň kalbyňda hem ýaşaýandygyna ynanýaryn.


Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň. Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.


Şawul bilen Dawut gepleşip boldular. Şondan soň Dawudy Şawulyň ogly Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi.


Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ